Türkmenistanyň DIM-nde Niderlandlar Patyşalygynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Nikolaas Shermersiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Niderlandlaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.Taraplar özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, degişli döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň hem-de iki ýurduň ylym-bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem, iki ýurduň arasynda şertnama-hukuk binýadyny berkitmek boýunça bilelikdäki işleriň zerurlygy nygtaldy.

Mundan başga-da, halkara guramalaryň çäginde hem-de sebit başlangyçlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça netijeli dialogy ösdürmäge we hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Buharestde Türkmenistanyň şanly senelerine we wakalaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi
Grodno şäherinde Türkmenistanyň möhüm ähmiýetli senelerine bagyşlanan çäreler geçirildi
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Wena şäherinde 2026-njy ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany şygary tanyşdyryldy