Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň işgärlerini tölegsiz dynç alşa çykmaga mejbur edýärler

Aşgabadyň döwlet edaralarynyň býujetinde serişde ýetmezçiligi bilen baglylykda, edaralaryň ýolbaşçylary mümkin bolan iş orunlaryny gysgaldyp, galan işgärleri yzygiderli ýagdaýda tölegsiz zähmet rugsadyna iberýärler.

Iş orunlaryny ýitirmekden howaryr edýän işgärler birnäçe hepdeden birnäçe aýa çenli tölegsiz dynç alşa çykmak barada arza ýazýarlar.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, kähalatda Zähmet kodeksini gowy bilýän işgärler tapylyp, olar kanuny esasda tölegsiz zähmet rugsadyna çykmakdan boýun gaçyrýarlar.

Aşgabatda adamlary mejbury ýagdaýda tölegsiz zähmet rugsadyna çykarmak köpçülikleýin häsiýete eýe boldy we bu hakykatda işsizligiň ýaşyryn görnüşi bolup durýar.

Bu ýagdaý diňe paýtagtyň şäher ýolagçylar awtoparkyna mahsus däl, ol ýerde sürüji ýetmeýär we şu sebäpden olary kanun esasynda öz tölegli dynç alyş rugsatlaryna hem çykaryp bilmeýärler.

—————————————————————————————-

Türkmenistanyň “Zähmet kodeksiniň” 103-nji maddasy

Zähmet haky tölenilmeýän rugsady bermegiň tertibi we şertleri:

1. Esasly sebäpler ýüze çykan mahalynda işgäriň islegine görä ýylyň dowamynda dowamlylygy on senenama gününe çenli zähmet haky tölenilmeýän rugsat berilýär.

2. Haçanda işgäre on senenama gününden köp dowamlylykda zähmet haky tölenilmeýän rugsat gerek bolan halatlarynda oňa her ýylky esasy rugsadyň ýa-da goşmaça rugsatlaryň hasabyna goşmaça günler berlip bilner.

3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan dowamlylykdan başga-da, zähmet haky tölenilmeýän rugsat şu işgärlere olaryň islegine görä berilýär:

1) on dört ýaşa çenli bir ýa-da şondan köp çagany (on sekiz ýaşa çenli maýyp çagany) terbiýeleýän ýanýoldaşsyz ata ýa-da enä ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara on dört senenama gününe çenli;

2) maýyplara otuz senenama gününe çenli;

3) ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdebine giriş synaglaryna goýberilene degişlilikde on bäş we on senenama gününe çenli, aspirantura on bäş senenama gününe çenli, şunda görkezilen möhletlere okuw mekdebiniň ýerleşýän ýerine giden we yzyna gaýdan wagty girmeýär;

4) gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşleri boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň soňky okuw ýylynda önümçilikden aýrylman okaýan işgäriň islegi we degişli okuw mekdebiniň haty boýunça diplom taslamasyny (işini) taýýarlamak üçin otuz senenama gününe çenli;

5) syrkawlan maşgala agzasyna seretmek üçin hossaryna saglygy goraýyş edarasy tarapyndan bellenilen möhlete;

6) Türkmenistanyň bilim edaralarynda işleýän daşary ýurtly mugallymçylyk işgärlere otuz senenama gününe çenli;

7) ýaşy boýunça pensionere otuz senenama gününe çenli.

4. Önümçilik sebäpleri boýunça (enjamlaryň, mehanizmleriň hatardan çykmagy, çig malyň, serişdeleriň (materiallaryň), elektrik energiýasynyň bolmazlygy ýa-da ýetmezçiligi we beýlekiler) boş durlan mahalynda kärdeşler arkalaşygynyň ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramalarynyň ylalaşygy boýunça iş berijiniň işgärlere üç aýa, aýratyn halatlarda bolsa on iki aýa çenli zähmet haky tölenmeýän rugsady bermäge haky bardyr.

5. Weteranlaryň aýry-aýry toparlaryna we ýeňillikler boýunça olara deňleşdirilen adamlara iş haky tölenmeýän rugsadyň dowamlylygy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Weteranlara 9-njy maýa gabat 200 manat gowşurylar
Weteranlara prezidentiň adyndan sowgat gowşuryldy
12.08.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby IIM-niň dörediliş taryhyna bagyşlanandyr
Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy