Weteranlara 9-njy maýa gabat 200 manat gowşurylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji aprelde, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli sowgat gowşurmak baradaky karara gol çekdi. Bu barada ТДХ habar berýär.

Karara laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasy uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.

Ýatladýarys, Türkmenistanda 2012-nji ýylda “Beýik Watançylyk urşy” diýilmegini bes etdiler, şondan bäri diňe “1941-1945-nji ýyllaryň urşy” diýilýär.

Ýene degişli makalalar

Weteranlara prezidentiň adyndan sowgat gowşuryldy
12.08.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby IIM-niň dörediliş taryhyna bagyşlanandyr
Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň işgärlerini tölegsiz dynç alşa çykmaga mejbur edýärler