Türkmenistanda weteranlar we esgerleriň yzyndan galan aýllary üçin konsertler guralýar
“Weteranlar we urşuň yzynda galan zenanlar ýaşluly nesiller hakda edýän yzygiderli aladasy, urşa gatnaşyjylara we söweşlerde wepat bolanlaryň maşgalalaryna bildirilýän hormat üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar, Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda weteranlaryň mynasyp durmuşy üçin köpsanly ýeňillikleri özünde jemleýän amatlyklar üpjün edildi” diýip, TDH döwlet habar gullugy ýazýar.
Mundan öň weteranlara we uruşda wepat bolan esgerileriň yzynda galan aýallara gymmatbaha sowgatlaryň we 200 manadyň (“gara bazar” nyrhynda $28) gowşuryljakdygy habar berlipdi.
Ýatladýarys, 2012-nji ýyldan bäri Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşuny “1941-1945-nji ýyllaryň urşy” diýip atlandyrýarlar.
