Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Täjigistanyň wekiliýeti kabul edildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Täjigistanyň wekiliýeti kabul edildi

26-njy iýulda täjik wekiliýeti tanyşdyryş sapary bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna geldi. Bu barada gullugyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň, Daşary işler ministrliginiň, serhet we gümrük gulluklarynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Duşanbe şäherindäki edarasynyň wekillerinden ybarat bolan wekiliýetiň sapary Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde guraldy diýlip, habarda aýdylýar.

Maksatnama laýyklykda, çäre Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň we täjigistanly wekiliýetiň ikitaraplaýyn duşuşygyndan başlandy. Duşuşykda myhmanlar Türkmenistanda gümrük işiniň taryhy, Gümrük gullugynyň döreýşi, häzirki wagtda alnyp barylýan işler, gümrük edaralaryna ornaşdyrylýan sanly ulgam hem-de täze tehnologiýalar bilen tanyşdyryldy.

Soňra myhmanlar Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda döredilen iş şertleri bilen tanyşdylar, bu ýerde döredilen seljeriş merkezine baryp gördüler. Bellenilişi ýaly, seljeriş merkezinde ähli gümrük nokatlaryna merkezleşdirilen gözegçilik amala aşyrylýar.

Täjik wekiliýeti binanyň birinji gatynda ýerleşýän muzeýe, şeýle-de sport enjamlary bilen abzallaşdyrylan otaga hem-de sport zalyna baryp gördüler. Gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak bölüminde myhmanlar ASYCUDA WORLD maglumat ulgamynyň işi bilen tanyşdylar. Belläp geçsek, bu ulgam Türkmenistanyň gümrük edaralaryna 2020-nji ýylda ornaşdyrylyp, häzirki wagtda ulgamdan doly derejede peýdalanylýar.

Mundan başga-da, Täjigistanyň wekiliýeti Halkara Gümrük Terminalyna we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine baryp gördi.

Ýene degişli makalalar

Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň başlygy BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň mejlisinde çykyş etdi
TULM Gruziýadan Özbegistana ugran konteýner otlusynyň gatnawyna ýardam edýär
Gara bazarda dollar aşaklaýar, ýöne gymmat bahalar saklanýar
Maryda nagt däl söwda kyn, adamlar derman satyn almakda kösenýär
Türkmenistanda Abu-Dabi we Stambula ýük howa gatnawy gaýtadan ýola goýuldy
Türkmen manady-milli ykdysadyýetimizi berkitmegiň wajyp guraly