Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 52 geleşik baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 52 geleşik baglaşyldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gonkongyň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmennebit döwlet konserniniň tehnologik enjamlarynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmengaz döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine daşary ýurt puluna ýorgan-düşek daşlyklary, nah mata we nah ýüplük, tüýjümek, dokma we jins önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy

ABŞ-nyň 131 million 657 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 239 müň manatdan gowrak bolan Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Dekabr 2023: TDHÇMB-daky eksport söwdalarynyň umumy möçberi $155 milliondan geçdi
Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlandy
Geleşikleriň bahasy 131 million 657 müň dollardan gowrak boldy
Birža söwdalarynyň umumy möçberi $105,7 milliondan geçdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy
Diňle: Lebapda A-80 kysymly benzin tapdyrmaýar