Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna “Fransisko Skorinanyň kitap mirasy” sowgat berler

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatrik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan brifingde Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Oleg Tabanýuhow Belarus Respublikasynyň “Fransisko Skorinanyň kitap mirasy” faksimile neşirini Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna peşgeş berýändigini aýtdy.

Fransisko Skorinanyň kitap mirasynyň faksimle neşirini çap etmek boýunça taslama (2013-2017-nji ýyllar) belorus we gündogar slawýan kitap çap edilişiniň 500 ýyllygyna gabatlandy.Bu hysyrdyly işiň netijesinde tanymal gumanistiň we magaryfçynyň tutuş dünýä ýaýran kitaplarynyň elektron nusgalary tapyldy we tertibe salyndy.

Köp jiltlik ýygynda 1517-nji ýyldan 1525-nji ýyla çenli döwürde Pragada hem-de Wilnoda neşir edilen, belorus taryhynyň we medeniýetiniň gymmatly gatlaklary bilen tanyşdyrýan eserler jemlenipdir.

Kitaplary gowşurmak dabarasy ýanwar aýynyň 24-26-sy aralygynda Aşgabatda geçiriljek Belarus Respublikasynyň Medeniýet günlerine gabatlandy. Ilçi Oleg Tabanýuhowyň belleýşi ýaly, bu çäre türkmen-belorus gatnaşyklaryndaky şanly senä bagyşlanan çäreler tapgyrynda iň ulusy bolar hem-de iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi we dostlugy has-da berkider.

Ýene degişli makalalar

Papa Fransisk Türkiýä Sapar Guramagy Meýilleşdirýändigini Aýtdy
Türkmenistanyň Watikandaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy
Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady
Saud Arabystanynda katarly sürüji ýeňiş gazandy
Jumaýew bilen Ömirow Portugaliýa gran-prisindäki çykyşlaryny tamamlady
Nazir Habibowyň täze klibi, bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar, 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy we beýleki habarlar