Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp Aşgabat dost-doganlyk merkezi atly sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp Aşgabat  dost-doganlyk merkezi atly sergi gurnaldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmek, şäherlerimizdir obalarymyzy döwrebaplaşdyrmak babatdaky möhüm işler üstünlikli dowam etdirilýär.Ak şäherimiz Aşgabat şähergurluşyk binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda täze gurulýan toplumlaýyn binalar, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, bitirilýän beýik işler bilen öz çägini barha giňeldýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanyna öwrülen Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi indi asylly däbe öwrüldi.Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp 2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Aşgabat dost-doganlyk merkezi atly sergi guraldy.

Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, döwlet nyşanlarynyň fotosuraty bilen açylýar.Sergide paýtagtymyzdaky häzirki zaman ajaýyp desgalaryň, seýilgähleriň we suw çüwdürimleriň suratlaryny görmek bolýar.Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren kitaplaryna, paýtagtymyzyň gözel keşbini janlandyrýan gözel halylara, fotosuratlara hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik sungat eserlerine, gelin-gyzlarymyzyň ussatlyk bilen döreden Ak şäherim Aşgabat, Parla baýdagym ýaly ajaýyp el halylaryna we Rowaç hem-de Şöhratly geçmişden beýik geljege atly nakgaşlyk eserlerine serginiň görnükli ýerinde orun berilýär.

Ýene degişli makalalar

Kitap sergisi
Iň köp okalan kitap ady bilen kitap şüweleňi
Bilimli ýaşlar Watanyň geljegi
Göwhere beslenen behişti bedewler, milli buýsanjymyzdyr
Taryhdan taryply türkmen bedewi
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ýyndamlygyň gözbaşy atly sergisi
Gadamy batly bedew