Türkmenistanyň ekologlary arça, pisse we badam nahallaryny ekdiler

Türkmenistanyň ekologlary arça, pisse we badam nahallaryny ekdiler

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Köpetdag döwlet goraghanasynda ýurduň Agrar partiýasynyň we Ahal welaýatyň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň gatnaşmagynda ýabany ösümlikleri oturtmak boýunça köpçülikleýin işler geçirildi.

Köpçülikleýin işler goraghananyň özünde we Bakja derýasynyň boýunda geçirilip, derýanyň kenarýaka bölegi plastmassa we beýleki galyndylardan arassalandy hem-de miweli agaçlaryň onlarçasy oturdyldy.

Ösümlikleri oturtmak boýunça geçirilen çärä gatnaşyjylar “Bakja” synag meýdançasyna pisse agajynyň ýerli görnüşlerini ekdiler. Şeýle hem ep-esli ýere badam, türkmen arçasy ýaly birnäçe görnüşli nahallaryň 150-den gowragy oturdyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýazynda bag ekmek möwsüminiň başlanmagy bilen ýurduň medeni we tebigy zolaklarynda bagçylyk tokaýyny döretmek işleri alnyp barylýar we Türkmenistanyň goraghanalarynda, nahalhanalarynda, synag-tejribe meýdançalarynda Gyzyl kitaba girizilen, seýrek, dermanlyk we ösümlik dünýäsiniň özboluşly görnüşlerini ekmek işleri güýçlendirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şu ýylyň 16-njy martynda ýurtda ählihalk bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümine badalga berildi.

Ýene degişli makalalar

Ekologlar tarapyndan arça, pisse we badam nahallary ekildi
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi
Türk telewideniýe işgärleri türkmen kärdeşlerine täze iş usullaryny öwretdiler, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şäherçesinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň agzalygyna ilkinji saýlawlar geçirildi we bebleki habarlar
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan döredijilik bäsleşigi jemlendi
Geçmişiň ýaňy, ertiriň daňy-gadymy Änew şäheri
Bäsleşigiň jemi we ýeňijileri sylaglamak dabarasy