Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti Owganystanda gepleşikleri geçirýär

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti Owganystanda gepleşikleri geçirýär

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilçilikli topary Owganystanyň Kabul şäherinde elektirk energetikasy taslamalary boýunça gepleşikleri geçirýär. Bu barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi, “Nur-ul-Jahad” stansiýasy we beýleki elektrik taslamalarynyň hukuk we tehniki taraplary ara alnyp maslahatlaşylýar. 3 günläp dowam edýän bilelikdäki gepleşiklerde “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hafiz Mohammad Amin Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny belläp, elektrik energetikasy boýunça taslamalaryň çaltlandyryljakdygyny belledi. Şeýle hem ol TOP we “Nur-ul-Jahad” stansiýasy taslamalary boýunça "Ýol kartasynyň" düzüljekdigini mälim etdi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi taslamasy boýunça müdiri Myrat Artykow türkmen wekiliýetiniň saparynyň maksadynyň Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan ybaratdygyny belledi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar özara Ähtnama gol çekerler.

Ýene degişli makalalar

Kabulda TOP taslamasy boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Türkmenistan bilen Owganystan Hyrada elektrik energiýasyny ibermegi maslahatlaşdy
DABS kompaniýasy TAP we CASA-1000 taslamalary boýunça işe başlamagy meýilleşdirýär
Owgan tarapy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan görnüşinde üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmegi teklip etdi
Türkmenistan, Owganystan, Pakistan TOP taslamasynyň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça duşuşyk geçirerler
Owganystan we Türkmenistan Nur ul-Jihad podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyny çaltlaşdyrmak barada ylalaşdy
Owganystan bilen Türkmenistan Nurul-Jihad kiçi bekedini döwrebaplaşdyrmak taslamasy boýunça bilelikde tehniki ýygnak geçirýär