Türkmenistanyň energetika toplumy Pariždäki Halkara maýa goýum forumynda tanyşdyrylar

Türkmenistanyň energetika toplumy Pariždäki Halkara maýa goýum forumynda tanyşdyrylar

2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler.

“Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň resmi saýtynda mälim edilşine görä, bu çäre Türkmenistanyň energetika pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, energetika ulgamynyň durnukly ösüşi üçin sebit dialogyny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Halkara çäräniň çäklerinde nebiti we gazy gazyp almak, daşamak we gaýtadan işlemek pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Foruma öňdebaryjy milli we halkara eenrgetika kompaniýalary, şeýle hem diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň nebitgaz pudagynyň geljegini çaklap bilýän bilermenler gatnaşarlar.

Çäre “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Ýene degişli makalalar

TEIF — 2024: Türkmenistanyň daşary ýurt karz berijileriniň öňündäki borçnamasy JIÖ-niň 5%-inden geçmeýär
Pariždäki forumda Türkmenistanyň global maýlamanyň geljegine täsiri öwrenilýär
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Türkmenistanyň halkara nebitgaz forumy Parižde öz işine başlady
11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň döredijilik kuwwaty — halkymyzyň...
Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler