Türkmenistanyň Fransiýadaky täze ilçisi wezipesine girişdi

Türkmenistanyň Fransiýadaky täze ilçisi wezipesine girişdi

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň resmi saýty täze bellenen ilçi Maksat Çaryýewiň Fransiýanyň Ýeliseý köşgüniň Döwlet protokoly we diplomatik çäreler boýunça direktory Filipp Franka ynanç hatyny gowşurandygyny habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Fransiýanyň Döwlet protokolynyň ýolbaşçysy Tükrmenistanyň ilçisini wezipä girişmegi bilen gutlap, diplomatik işinde üstünlikler arzuw etdi. Ol Döwlet protokolynyň Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirmegi üçin ikitaraplaýyn başlangyçlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Türkmenistanyň ilçisi hem öz gezeginde ýakymly arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy üçin ähli tagallalary etjekdigini mälim etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Maksat Esenowiç Çaryýew bu wezipä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 8-nji iýulynda gol çeken Permanyna laýyklykda bellenildi. Şeýle-de, döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, M.Çaryýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejesi berildi.

Ýene degişli makalalar

TDIM-iň HGI-de Fransuz dili hepdeligi geçirildi
Germaniýanyň Prezidenti Gaza Bilen Bagly Beýannama Berdi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy