TDIM-iň HGI-de Fransuz dili hepdeligi geçirildi

TDIM-iň HGI-de Fransuz dili hepdeligi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Fransuz diliniň halkara güni mynasybetli Dünýä dilleri kafedrasynyň Lingvo World ylmy gurnagy tarapyndan Le printemps est arrivé dans mon pays (Bahar geldi ülkäme) atly dil hepdeligi geçirildi. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berildi.

Hepdeligiň çäklerinde diwar gazetlerini taýýarlamak, bahar pasly baradaky we Gündogaryň beýik akyldary, dana Pyragynyň fransuz diline terjime edilen goşgularyny çeper okamak, berlen temalar boýunça prezentasiýalar bilen çykyş etmek we Fransiýa Respublikasynyň taryhy, syýasaty, fransuz dili, edebiýaty, sungaty, şeýle hem grammatika, dürs ýazuw, logika, sport temalary boýunça guralan zehin bäsleşikleri geçirildi. Ähli bäsleşiklerin ýeňijileri emin agzalary tarapyndan yglan edildi.

Hepdeligiň jemleýji gününde Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz instituty tarapyndan guralýan Frankofoniýa-2024 bäsleşikleriniň çäklerinde Türkmenistanyň fransuz dili okadylýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dürs ýazuw bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Ortaça iň köp gol geçirilen çempionat (Dünýä Kubogy 1954)
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Gelim-Gidimli Howa Menzili Bolmagynda Galýar
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
Hünärmenler täze halkara reýsleriň daşary ýurtlulary, Türkmenistana girizmeden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýdýarlar
Prezident Erdogan ertir germaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirer
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi