Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023-däki garşydaşlaryny bildi

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023-däki garşydaşlaryny bildi

Şu gün, 26-njy maýda onlaýn görnüşinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde futzal boýunça Aziýa çempionatynyň final böleginiň bijeleri çekildi.

Geçirilen bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy “B” toparçada Özbegistanyň, Bahreýniň hem-de Täjigistanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy.

Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň nobatdakysynyň 2022-nji ýylyň 28-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda Kuweýt döwletinde geçirilýändigini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Gyrgyz Respublikasynda geçirilen saýlama tapgyrynyň netijesinde Aziýanyň Kubogy 2022-niň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanypdy.

Merkezi we Günorta sebitinde geçirilen saýlama ýaryşynda Gyrgyz Respublikasynyň (3:1), Eýranyň (0:3) hem-de Maldiwleriň (7:0) ýygyndy toparlary bilen “A” toparçada bäsleşen ýygyndy toparymyz 6 utuk toplap, toparçany ikinji orunda tamamlamagy başarypdy.

Bije çekişligiň netijesi:

“А” toparça: Kuweýt, Yrak, Taýland, Oman. “B” toparça: Özbegistan, Bahreýn, Täjigistan, TÜRKMENISTAN. “C” toparça: Eýran, Liwan, Hytaý Taýpeýi, Indoneziýa. “D” toparça: Ýaponiýa, Wýetnam, Koreýa Respublikasy, Saud Arabystany.

Ýene degişli makalalar

Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bijeleriniň haçan çekiljekdigi belli boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy 12-nji ýanwarda Pariž ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny biler
Ahal Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirer
Bolşaýa Aziýa teleýaýlymy Türkmenistan hakynda gepleşikleri görkezer, Gyzyl kürte filmi Merkezi Aziýanyň iň gowy filmi baýragyna hödürlenildi, Türkmenistanda pagtanyň täze sorty döredildi we beýleki habarlar
Ahalyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary 24-nji awgustda belli bolar
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny bildi