Bolşaýa Aziýa teleýaýlymy Türkmenistan hakynda gepleşikleri görkezer, Gyzyl kürte filmi Merkezi Aziýanyň iň gowy filmi baýragyna hödürlenildi, Türkmenistanda pagtanyň täze sorty döredildi we beýleki habarlar

Bolşaýa Aziýa teleýaýlymy Türkmenistan hakynda gepleşikleri görkezer, Gyzyl kürte filmi Merkezi Aziýanyň iň gowy filmi baýragyna hödürlenildi, Türkmenistanda pagtanyň täze sorty döredildi we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Bolşaýa Aziýa teleýaýlymy we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ilkinji nobatda wideo maglumatlarynyň alyş-çalşyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk hakynda şertnamasy gol çekdiler. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde Bolşaýa Aziýa Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary we üstünlikleri barada gürrüň berýän gepleşikleri görkezer.

2. Režissýor Sahysalyh Baýramowyň Gyzyl kürte atly türkmen filmi Gazagystanyň Ak Ilbirs milli kino baýragynyň Merkezi Aziýanyň iň gowy filmi baýragyna dalaşgärleriň biri hökmünde yglan edildi. Ýeňijiler 8-nji iýulda kino baýragynyň gowşurylyş dabarasynda yglan ediler.

3. Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-önümçilik merkezinde seçgi esasynda gowaçanyň inçe süýümli Ýolöten — 58 sorty döredildi. Ol gowaçanyň Ýolöten — 42 sortunyň populýasiýasyndan ýekebara seçgi esasynda saýlanyp alnyp döredildi. Täze sortuň bir gozadaky pagtasynyň agramy 33 gram deň. Tohumy orta ululykda, açyk ýaşylymtyl reňkli. Häzirki wagtda Ýolöten — 58 Mary we Ahal welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda synagdan geçirilýär.

4. Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Begmyrat Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Wankuwerde geçirilýän ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky 30-njy mejlisine gatnaşdy. Bu mejlis ÝHHG sebitiniň öňünde durýan dürli kynçylyklary çözmäge bagyşlandy. Şeýle-de ekologiýa meselelerine aýratyn üns berildi.

Dünýäde

5. Rimdäki Fýumiçino we Gresiýanyň Afiny halkara howa menzilleri Ýewropanyň iň gowy howa menzilleri hökmünde ykrar edildi. Iki howa menzili hem Best Airport Awards baýragyna eýe boldular. Bu baýrak bilermenleriň baha bermegi esasynda Halkara Howa menzillerini geňeşi tarapyndan gowşurylýar. Edilýän talaplaryň hatarynda awiakompaniýalaryň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň bolmagy, durnukly ösüş maksatlaryna ygrarly bolmak we sanlylaşdyrmagyň girizilmegi bar.

6. Meşhur sazanda Jimmi Hendriksiň gitarasy 1 million 250 müň dollar baha bilen bäsleşikli söwda (auksiona) çykaryldy. Hendriks 1961-nji ýylda öndürilen bu gitara bilen Johnny Jones & The King Casuals toparynyň düzüminde çykyş edipdi. Şol wagt onuň bahasy bary-ýogy 65 dollardy. Köp ýyllaryň dowamynda bu gitara hususy kolleksiýada saklandy.

Sport habarlary

7.Aziýa Futbol Konfederasiýasy Günbatar we Gündogar zolaklarynda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 2023/24-nji möwsüminiň toparçalaýyn tapgyry üçin sebetleriň düzümini mälim etdi.Aziýanyň futbol toparlarynyň esasy ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekişligi 24-nji awgustda Kuala-Lumpurda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 13:00-da başlanar.

Bije çekişligiň netijelerine görä, hersinde dört topar bolan on sany toparça dörediler.Aziýanyň futbol toparlarynyň esasy ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyry alty tapgyrdan ybarat bolup, ol 18-nji sentýabrda başlanar we 13-nji dekabrda tamamlanar. Ähli toparlar öz meýdançasynda we myhmançylykda üç duşuşyk geçirerler.

Türkmenistanyň çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň bije çekişligi başlamazdan ozal üçünji sebede düşdi.

8.FC Bus Russiýanyň Mediýa Futbol ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilen Moskwanyň Selebriti kubogy 2023-iň aşaky derejesiniň ikinji tapgyrynda Matç TW toparyny ýeňdi.Duşuşyk Moskwadaky Sapsan Arenada geçirildi we 5:2 hasabynda tamamlandy.

Türkmen goragçy Oraz Ataýewiň duşuşygyň 73-nji minudynda penalti arkaly geçiren goly Awtobusa ýeňiş gazanmaga kömek etdi. 22 ýaşly Oraz Ataýew Ispaniýanyň Segunda şäheriniň Lugo toparynyň okuwçysydyr. Şeýle hem ol Leonesiň ýaşlar toparynda çykyş etdi. Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow FC Bus toparynyň goragçysyny CAFA Nations Cup-2023 çempionaty başlamazdan ozal Ýegorýewskdäki türgenleşik ýygnanyşygyna çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Times Higher Education Awards Asia 2024-iň sekizligine girdi
TDHÇMB-de satuwa çykarylan polipropilen bir günde doly satyldy
SpaceX täjirçilik awiakompaniýalarynyň ýolagçylaryna hemra internetini hödürlemegi meýilleşdirýär
Wodorod ýangyçly Hyundai Nexo geçen ýoly boýunça täze dünýä rekordyny goýdy
TNGIZT 770 müň tonnadan gowrak nebiti gaýtadan işledi