Türkmenistanyň gündogar sebitinde döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Türkmenistanyň gündogar sebitinde döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy hem-de 2023-nji ýylynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmen gündogary gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda yglan edilen Watan diňe halky bilen Watandyr! atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi we ýeňijiler yglan edildi.

Bäsleşigiň makalalar ugry boýunça Lebapawtoulag önümçilik birleşiginiň mehanigi, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy M.Haýtgulyýew, Köýtendag etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy O.Temirow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap geňeşiniň baş hünärmeni E.Nyýazow degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby H.Hasanowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Ş.Hudaýnazarow we Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy G.Joraýewa bäsleşigiň hekaýalar ugry boýunça degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler.

Bäsleşigiň goşgular ugry boýunça Halaç etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy E.Çaryýew, Hojambaz etrabynyň Mekan geňeşliginiň ýaşaýjysy, pensioner B.Şalyýew, Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner B.Böriýew degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular.

Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldylar. Bu barada Jeyhun.news ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň pagta önümleri gadagançylyklaryň bardygyna garamazdan, Amerikada satylýar
“Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar
Sanjar wakasy' 18 ýaşady: Synçylar halk, häkimiýet arasyndaky ynamsyzlygyň 'has çuňlaşandygyny' aýdýarlar
Bawariýa, Mançester Siti, Çelsi, Sewilýa, Barselona, Ýuwentus 1/8 finala çykdy
“Atletiko”“Barselona”, “Tottenham”“Man. Siti”, “Napoli”“Milan Ýewropada hepdäniň iň esasy futbol duşuşyklary
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi