Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň meýilnamasyna laýyklykda, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň we Bäherden etrap medeniýet bölüminiň, şeýle hem Miras teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda, 19-njy oktýabrda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäherindäki Medeniýet öýünde Bagşyly il bagtly il ady bilen Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.

Dabaraly çärä dürli kärdäki we dürli ýaşdaky 500-den gowrak myhman gatnaşdy.

Çäre söhbetdeşlik esasynda hem-de aýdym-sazly çykyşlar bilen alnyp baryldy. Söhbetdeşligi Gökdepe etrap medeniýet bölüminiň režissýory Nurmuhammet Annaýew alyp bardy.

Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat Söýünow, halypaň at dakylany Orazgeldi Ylýasow, Bäherden şäherindäki 23-nji orta mekdebiň ýokary derejeli ussat mugallymy Bamyly Nepesow, Bäherden etrap medeniýet bölüminiň Nury Halmämmedow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Tuwakmuhammet Rejepow dagylar halypanyň ussatlygy we aýdym-saz sungatynda geçen ýoly barada gyzykly gürrüňler bilen çykyş etdiler.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Kyýas Durdyýew, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Şadurdy Baýjykow, Arkadag şäheriniň Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň mugallymy Allaýar Melejäýew hem-de bagşylar Meýlis Goçmyradow, Serdar Baýramow, Didarmuhammet Rejepow, Muhammet Aýdogdyýew öz ýerine ýetirijilik ussatlyklary bilen ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän Ýaňlan Diýarym! telebäsleşiginiň ýeňijisi Baky Berdinazarowyň ýerine ýetiren aýdymy bilen tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Sarpasy belentde tutulýan zenanlar
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen ady dakmak hakynda