Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň we Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, beýleki çagyrylanlar gatnaşdylar.

Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.

Ýene degişli makalalar

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň kazylaryny wezipä belledi we wezipeden boşatdy
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Liwiýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Aşgabat halkara howa menzili Halk...
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi