Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Bitaraplyk baky bagtyň binýady atly sergi açyldy.Sergide ýerli suratkeşleriň ýagly boýag we grafik usulynda çeken suratlary, şeýle hem heýkeller we zergär önümleri goýlupdyr.

Milli ruhda ýerine ýetirilip, Watana bolan söýgüden doly ähli işler türkmen halkynyň özboluşly medeniýetini we taryhyny beýan edýär.Olaryň käbirleri, mysal üçin, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zergärlik bölüminiň täze uçurymy Ç.

Käbäýewanyň işleri ilkinji gezek görkezilýär.Onuň çeper elinden çykan zenan şaý-sepleri owadanlygy we ajaýyplygy, türkmen zergärleriniň gadymy senediniň inçe syrlarynyň ussatlarça ulanylmagy bilen özüne çekýär. Ýerli suratkeşler G.

Babaýewiň, R.Abdyllaýewiň, K.Töräýewiň, E.Kabulowyň grafik usulynda işleýän O. Şyhyýewanyň we başgalaryň işleri öz dogduk topragynyň gözelligine, taryhy şahsyýetleriň keşplerine we milli ruhy hem medeni gymmatlyklara bagyşlanýar.

Hemişe bolşy ýaly, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Baýgeldi Annamedow hakyky hereket täsirini döretmek bilen, öz heýkellerinde şol pursadyň duýgusal ýerligini doly beýan etmegiň hötdesinden gelipdir.Işleriň ýordumlary türkmen halkynyň döredijilik durmuşyny, onuň parahatçylyga, dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga we hyzmatdaşlyga bolan üýtgewsiz ymtylyşyny aýdyň görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Daşoguzda zenanlara bagyşlanan sergi açyldy
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda