Türkmenistanyň Hökümeti Wladimir Žirnowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirýär

Türkmenistanyň Hökümeti Wladimir Žirnowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirýär

6-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Wolfowiç Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýolladylar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem, öz gezeginde, Wladimir Wolfowiçiň türkmen halkynyň hakyky dosty bolmak bilen, türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşandygyny nygtap, merhumyň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny beýan etdi.

Ýeri gelende bellesek, RF-niň Döwlet Dumasynyň spikeri Wladimir Wolfowiç Žirinowski türkmen halkynyň ýakyn dosty hasaplanýar. Oňa 2017-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda amala aşyran saparynyň çäklerinde Hormatly il ýaşulusy diýen at hem berlipdi.

Ýene degişli makalalar

Putiniň dalaşgärligi tassyklandy
Türki dilli döwletlerde başdan geçirlen möhüm wakalar
Hormatly Prezidentimiz Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
RF-niň Liberal demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowski aradan çykdy
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar