Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

6-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Wolfowiç Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýolladylar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem, öz gezeginde, Wladimir Wolfowiçiň türkmen halkynyň hakyky dosty bolmak bilen, türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşandygyny nygtap, merhumyň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny beýan etdi.

Ýeri gelende bellesek, 6-njy aprelde RF-niň Döwlet Dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin Russiýa Federasiýasynyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskiniň uzak wagtlap dowam eden keselden soň, ömrüniň 76-njy ýylynda aradan çykandygyny habar berdi.

Wladimir Wolfowiç türkmen halkynyň hem ýakyn dosty hasaplanýar. Şoňa görä-de, oňa 2017-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda amala aşyran saparynyň çäklerinde Hormatly il ýaşulusy diýen at hem berlipdi.

Ýene degişli makalalar

Türki dilli döwletlerde başdan geçirlen möhüm wakalar
Putiniň dalaşgärligi tassyklandy
Hormatly Prezidentimiz Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Hökümeti Wladimir Žirnowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirýär
RF-niň Liberal demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowski aradan çykdy
Wladimir Putin Prezident saýlawlarynda sesleriň 87,33 göterimini gazandy