Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna girişýär

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna girişýär

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy şu gije dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň A toparçasyndaky ilkinji duşuşygyny geçirer.

Bu toparçanyň duşuşyklary Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde geçirilýär, duşuşyklar 23-nji aprele çenli dowame eder. Ikinji dwizionyň B toparçasyna çykmak ugrundaky ýaryş 5 ýygyndynyň ― Lýuksemburgyň, Taýlandyň, Taýwanyň, Türkmenistanyň we ýer eýeleriniň arasynda geçiriler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýaryşdaky ilkinji duşuşygyny şu gije ýer eýeleriniň wekilleri bilen geçirer. Keýptaun şäherindäki Buzly stansiýa sport toplumynda geçiriljek duşuşyk 23:00-da başlanar.

Baýram Allaýarowyň şägirtleriniň ertirki garşydaşlary Lýuksemburgyň, 20-nji apreldäki garşydaşlary bolsa Taýwanyň ýygyndylary bolar. Türkmen ýygyndysy A toparçada geçen ýyllarda iki gezek bürünç medala eýe boldy.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň bu günki garşydaşy ― GAR-yň ýygyndysy IIHF-niň reýtinginde 51-nji orny eýeleýär. Ol Türkmenistanyň ýygyndysyndan 3 basgançak aşakdadyr. Iki ýygyndy mundan ozal taryhda bir duşuşyk geçirdiler. 2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Bolgariýanyň Sofiýa şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çägindäki duşuşykda türkmen ýygyndysy 7:2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2023-däki senenamasy:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly boksçylar ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda 7 medal gazandylar
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Taýwanda söwda merkezinde partlama boldy
Mişlen ýolbeledi iň arzan restoranlary bolan şäherdir ýurtlary anyklady
Hytaýda täze ýokary tizlikli demir ýol işe girizildi
1-nji oktýabr halkara kofe güni
Sýamende 19-njy kitap ýarmarkasy açyldy