Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Şadurdy Meredow Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektory Inom Majidow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler mininstrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyny we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny we Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek meselelesini hem aratyn belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredow Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiň rektoryna Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly ilkinji kitabyny gowşurdy.

Ýene degişli makalalar

31-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Täzeden ýazylýan taryh. Geçmişi bilmek näme üçin zerur?
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2022-däki garşydaşy ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy-2022 ýaryşynyň başynda Özbegistandan ýeňildi
Aşgabatdan Köneürgenje zyýaratçylar üçin otly guralar, Türkmenistan Russiýa bilen howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi, Türkmenbaşy Astrahanyň Olýa porty bilen yzygiderli gatnawy ýola goýmaga taýýar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy