Aşgabatdan Köneürgenje zyýaratçylar üçin otly guralar, Türkmenistan Russiýa bilen howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi, Türkmenbaşy Astrahanyň Olýa porty bilen yzygiderli gatnawy ýola goýmaga taýýar we beýleki habarlar

Aşgabatdan Köneürgenje zyýaratçylar üçin otly guralar, Türkmenistan Russiýa bilen howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi, Türkmenbaşy Astrahanyň Olýa porty bilen yzygiderli gatnawy ýola goýmaga taýýar we beýleki habarlar

1. Demirýollary AGPJ Köneürgenç Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna zyýarat etmek isleýänler üçin Aşgabat Köneürgenç Aşgabat ugry boýunça ýörite otly gatnawyny işe girizer. Ilkinji ýolagçy gatnawyny 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

2. Türkmenistanyň we Russiýanyň şäherleriniň arasynda howa gatnawlary gaýtadan dikeldilenden soň Türkmenistan awiakompaniýasynyň ilkinji uçary Kazana gelip gondy. 3. Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda geçirilen wideomaslahatyň dowamynda ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasan hem türkmen tarapy Türkmenbaşy we Olýa portlarynyň arasynda yzygiderli gatnawlary ýola goýmaga taýýardygyny nygtady.

4. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabadyň lukmançylyk merkezlerinde aksiýa geçirildi. 1-nji iýunda ene bolan aýallara bäbekler üçin niýetlenen sowgatlyk toplumlar gowşuryldy.

5. Türkmenpoçta PAK-nyň Aşgabadyň demir ýol menzilinde ýerleşýän şahamçasy ýükleri welaýatlara ibermek hyzmatyny gaýtadan dikeltdi. Iberiljek ýükler her gün sagat 8-00-dan 20-00-a çenli kabul edilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgisi 075.

6. Tomsuň ilkinji gününiň säheri türkmenistanly mekdep uçurymlary üçin örän tolgundyryjy boldy. Ýurduň çäginde döwlet synaglarynyň esasy tapgyry başlandy.

7. Müsürli arheologlar bezelen agaç sarkofaglaryň seýrek toplumynyň we bürünç heýkeller saklanýan iň uly gizlin otagyň üstüni açdylar.

8. Uelsiň bilim edaralarynyň dördüsinde britaniýaly mekdep okuwçylarynyň kesgitlenen iýmit sanawyna owradylan mör-möjeklerden taýýarlanan nahar goşular. Üstümizdäki hepdede başlanyljak taslama 4-den 11 ýaşa çenli çagalar gatnaşdyrylar.

9.Aziýa Kubogy-2022-niň ilkinji duşuşygynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Özbegistanyň ýygyndysyndan asgyn geldi.Duşuşyk Daşkent şäherinde geçirilip, ýeke-täk goly oýnuň 75-nji minudynda Ulugbek Haşimow penalty arkaly amala aşyrdy.

A toparyň beýleki duşuşygynda Eýranyň we Kataryň ýygyndylary deňme-deň oýnadylar (1:1). 10. 14 sany türkmen dzýudoçylary 3-5-nji iýun aralygynda Tbiliside geçiriljek Uly tuwulga seriýasyna degişli halkara çempionata gatnaşarlar. Ýaryşyň baýrak gaznasy €154 müň ýewro deňdir.

Her agram derejedäki ýeňiji €5 000, ikinji orny eýelänler €3 000, üçünji orny eýelänler bolsa €1 500 bilen sylaglanarlar.

Ýene degişli makalalar

eKassa ykjam programmasy AŞTU hyzmatlarynyň amatly tölegi
Dawid Melkumow 48 tonnalyk wagony süýşürmegi başardy
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi, Arkadag şäherinde durmuş toýy tutuldy, türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan Watanlaryna dolandylar we beýleki habarlar
Daşary ýurt kompaniýalary Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody AGPJ bilen iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýär
Mary Deri-Aýakgap AGPJ Türkmenistanyň fiziki we ýuridiki şahslaryna kärhananyň atly obligasiýalaryny hödürleýär
Türkmenistanyň ilçisi bilen Hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi