Türkmenistanyň ilçisi Polşanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň ilçisi Polşanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejepow Warşawa şäheriniň Belweder köşgünde Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Türkmenistanyň Polşa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada mfa.gov.tm saýtynda maglumat berilýär.

Dabaranyň dowamynda türkmen diplomaty Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Polşa Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan aýdylan mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş ugrundaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi sorady. Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda nota alyşmak esasynda ýola goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
"Arkadag" futbol kluby 2025-nji ýylda dördünji baýragy Türkmenistanyň Kubogyny aldy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy bilen duşuşdy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi
AFK-nyň Kubogy 2021: “Altyn Asyr” “Hujand” bilen deňme-deň oýnady
“Altyn asyr” “Hujand” bilen deňme-deň oýnady