“Altyn asyr” “Hujand” bilen deňme-deň oýnady

AFK Kubogy ýaryşynda “F” toparçada çykyş edýän ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň “Hujand” topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýun 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy.Gollaryň 4-si hem birinji ýarymda derwezä girizildi. 15-nji minutda ildeşlerimiz hasaby açyp, bu goly Altymyrat Annadurdyýew öz adyna ýazdyrdy. 18-nji minutda “Altyn asyryň” ýarymgoragçysy Berdimyrat Rejebow gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy. Ýer eýeleri 25-nji minutda Artýom Serdugyň goly bilen hasaby deňlediler. 41-nji minutda Dilşod Bozorow “Hujandy” öňe saýlady. Ýöne ruhdan düşmedik türkmen futbolçylar 3 minutdan soň ýene-de Altymyrat Annadurdyýewiň tapawutlanmagynda hasaby deňlediler.

Bu duşuşykdaky soňky gol boldy.Oýnuň tamamlanmagyna 4 minut galanda 2-nji gezek sary kart alan Mekan Saparow hem gyzyl kart bilen meýdançadan çykaryldy. Şeýlelikde, çekeleşikli we dartgynly geçen oýun 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Toparçadaky beýleki oýunda Özbegistanyň “Nasaf” topary Gyrgyz Respublikasynyň “Alaý” toparyndan 4-0 üstün çykdy.

“Altyn asyr” topary toparçadaky 2-nji duşuşygyny 17-nji maýda “Alaý” bilen geçirer (17:00).

ALTYN ASYR HUJAND: 2-2

(Altymyrat Annadurdyýew 15, 44 Artýom Serduk 25, Dilşod Bozorow 41)

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Gazagystana we Hindistana howa gatnawlaryny dikelder, Aşgabatda täze jaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi, Serdar Berdimuhamedow ýurduň zenanlaryny 8-nji mart mynasybetli gutlady we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistan Erteki gürrüň berijilik sungaty boýunça Aziýa komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikleri geçirdi we beýleki habarlar
AFK-nyň kubogy 2023/24: Merw ― Alaý duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada dolanyp geldi, 2024-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan 1,7 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Merw AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň Alaýyndan üstün çykdy
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi