AFK-nyň Kubogy 2021: “Altyn Asyr” “Hujand” bilen deňme-deň oýnady

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogy-2021-iň toparçalaýyn bäsleşigindäki ilkinji duşuşygynda täjikleriň “Hujand” topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.

Paýtagtymyzyň toparynyň düzüminde Altymyrat Annadurdyýew (15-nji hem-de 44-nji minutlar) tapawutlandy. Bu duşuşygyň köp bölegini “Altyn Asyryň” az oýunçy bolup çykyş edendigini bellemek gerek. Oýnuň 18-nji minutynda duşuşygyň emini Berdimyrat Rejepowa gyzyl petek görkezdi. Duşuşygyň soňky minutlarynda bolsa paýtagtymyzyň toparynyň goragçysy Mekan Saparow (86-njy minut) ikinji duýduryşyny alyp, meýdandan çykmaly boldy.

Ýeri gelende bellesek, oýun gününiň birinji duşuşygynda özbekleriň “Nasaf” topary Gyrgyz Respublikasynyň “Alaý” toparyny 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Bu duşuşykda Suhrob Nurulloýew (2), Husaýn Norçaýew hem-de Husniddin Alikulow tapawutlandylar.

Şeýlelikde, “F” toparçasynda geçirilen birinji tapgyrdan soň üç utuk toplan “Nasaf” birinji orny eýeleýär. Bir utukdan toplan “Altyn Asyr” bilen “Hujand” bolsa ikinji, üçünji orunlarda ornaşdylar.

Bu toparçanyň duşuşyklarynyň hemmesiniň hem Duşenbe şäheriniň “Merkezi” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Gazagystana we Hindistana howa gatnawlaryny dikelder, Aşgabatda täze jaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi, Serdar Berdimuhamedow ýurduň zenanlaryny 8-nji mart mynasybetli gutlady we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistan Erteki gürrüň berijilik sungaty boýunça Aziýa komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikleri geçirdi we beýleki habarlar
AFK-nyň kubogy 2023/24: Merw ― Alaý duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada dolanyp geldi, 2024-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan 1,7 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Merw AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň Alaýyndan üstün çykdy
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi