Türkmenistanyň iň güýçli tennisçileri belli boldy

Türkmenistanyň iň güýçli tennisçileri belli boldy

1 — 6-njy aprel aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçirilen tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatyna 100-den gowrak türgen gatnaşdy ― diýip, Salamnews habar berýär.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Tennis federasiýasy hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan guralan ýaryş ýekelikde we jübütleýin görnüşde geçirildi.

Erkekleriň arasynda geçirilen ýekelikdäki ýaryşyň ýeňijileri:

1. Meýlis Orazmuhammedow;

2. Ýuriý Rogusskiý;

3. Hajymyrat Çaryýew.

Zenanlaryň arasynda geçirilen ýekelikdäki ýaryşyň ýeňijileri:

1. Aişa Bikbulatowa;

2. Rožan Karajaýewa;

3. Merýem Muhammedowa.

Erkekleriň arasynda geçirilen jübütleýin ýaryşyň ýeňijileri:

1. Hajymyrat Çaryýew / Meýlis Orazmuhammedow;

2. Ýuriý Rogusskiý / Isgender Ýagmyrow.

Zenanlaryň arasynda geçirilen jübütleýin ýaryşyň ýeňijileri:

1. Aişa Bikbulatowa / Merýem Muhammedowa;

2. Jennet Çaryýewa / Aýnur Annamyradowa.

Türkmenistanyň geljegi uly bolan tennisçileriniň ýene biriniň — Ilima Guseýnowanyň bolsa häzirki wagtda 7 — 13-nji aprel aralygynda Malaýziýada geçýän ITF 14&Under development championships 2024 — finals ýaryşyna gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy, kosmonawt Oleg Kononenko täze missiýa bilen HKS-e ugrady, Kiçi teatryň Aşgabada sapary yza süýşürildi we beýleki habarlar
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynda iň gowy dört toparyň biri boldy
Tennis boýunça Türkmenistanyň kubogynyň eýeleri belli boldy
Türkmenistanyň tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda