Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti HZG bilen okuw saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti HZG bilen okuw saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) ştab-kwartirasyna okuw saparyny amala aşyrmak maksady bilen Ženewa şäherine boldy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Saparyň çäklerinde türkmen wekilleri HZG-niň ýolbaşçylary we bilermenleri bilen duşuşyklary geçirdiler.Olaryň dowamynda durmuş ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek, tejribe alyşmak, şeýle hem Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem HZG-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebit edarasy bilen özara gatnaşyklara, şol sanda hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Saparyň maksatnamasy HZG-niň işi, onuň gurluşy we iş mehanizmleri, şeýle hem guramanyň ştab-kwartirasynyň bölümleriniň işi bilen tanyşmagy öz içine aldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
Türkmenistanyň DIM-de Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi
Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň täze sany
Halkara Zähmet Guramasynyň Konwensiýasynyň ratifisirlenmeginiň namasy guramanyň ýolbaşçysyna gowşuryldy
BSGG hepdede näçe sagatdan artyk işlemegiň howpludygyny anyklady