Türkmenistanyň DIM-inde Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-inde Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Miranda Faýermanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.Duşuşyga ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.HZG-niň wekiliýetiniň saparynyň esasy maksatlarynyň hatarynda amaly çäreleriň geçirilmegi, hususan-da, ýurduň welaýatlarynda döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik hyzmatdaşlaryň giň toparynyň gatnaşmagynda bilelikdäki tegelek stol maslahatlarynyň geçirilmegi bar.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň HZG bilen hyzmatdaşlygynyň ulgamlaýyn we durnukly häsiýete eýedigini belläp geçdiler.Bu hyzmatdaşlyk milli kadalaşdyryjy binýady kämilleşdirmegi we halkara zähmet ülňülerini ornaşdyrmagy öz içine alýar.

Bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginde pudagara utgaşdyrmanyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.Oňa anyk we ölçärlikli netijeleri gazanmagyň esasy guraly hökmünde garalýandygy nygtaldy.

Taraplar geçirilýän çäreleriň netijelerine oňyn baha berdiler.Hususan-da, 2025-nji ýylyň barlaglarynyň netijeleriniň hödürlenmegi we ýerlerde amaly seslenmäniň alynmagy bellenildi.Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň HZG bilen hyzmatdaşlygynyň halkara maglumat giňişliginde has giňden şöhlelendirilmeginiň ähmiýeti hem nygtaldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmäge we netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
Türkmenistanyň DIM-de Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi
Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti HZG bilen okuw saparyny amala aşyrdy
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň täze sany
Balkanda okuwçylar, talyplar we mugallymlar gowaçany ýekelemek we otag işlerine çekilýärler