Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory Piter Wan Rooýuň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Piter Wan Roýy täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň iş tejribesiniň Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Halkara Zähmet Guramasy bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn häsiýete eýedigini hem-de bilelikdäki ýol kartalarynyň we taslamalarynyň üsti bilen amala aşyrylýandygyny nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň institusional gatnaşygyny giňeltmek meseleleri, şeýle hem mynasyp zähmet ýörelgelerini öňe sürmäge we sosial dialogy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasynyň işine gatnaşmagynyň çäklerinde ýurduň guramanyň konwensiýalary boýunça yzygiderli hasabatlary hödürleýändigi hem-de şu ýylyň iýun aýynda Ženewada geçiriljek Halkara Zähmet konferensiýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşýandygy bellenildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-de Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti HZG bilen okuw saparyny amala aşyrdy
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň täze sany
Türkmenistan bilen HZG-niň arasynda 2024-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy
Halkara Zähmet Guramasynyň Konwensiýasynyň ratifisirlenmeginiň namasy guramanyň ýolbaşçysyna gowşuryldy