Ženewada Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasy öz işine başlady

Ženewada Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasy öz işine başlady.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Forumyň işine Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuşy taýdan goramak ministri M.Silapowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine degişli döwlet edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler аrkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri girdi.Iki hepdeden gowrak wagtyň dowamynda wekiller iş üpjünçiligini gazanmagyň, durmuş goraglylygyny kämilleşdirmegiň we durmuş dialogyny berkitmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Sessiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Silapowyň HZG-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşygy geçirildi.Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň ýokary ösüş depginini kanagatlanma bilen bellediler.

Milli zähmet kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmaga, zähmeti goramagyň toplumlaýyn ulgamyny kämilleşdirmäge we zähmetkeşler üçin durmuş kepilliklerini berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.Duşuşyga gatnaşyjylar Hyzmatdaşlygyň bilelikdäki Ýol kartasynyň düzgünlerini üstünlikli durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şeýle hem mynasyp zähmet ýörelgelerini öňe sürmäge we durnukly durmuş ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen täze geljegi uly taslamalary amala aşyrmaga taýýarlyk bildirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan we Halkara zähmet guramasy (HZG) hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Derňew: Türkmenistanda žurnalistiň ölümi pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň öňündäki perdäni açýar
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
Türkmenistanyň DIM-de Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti HZG bilen okuw saparyny amala aşyrdy