Türkmenistan we Halkara zähmet guramasy (HZG) hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Ženewada Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory Gilbert Hungbo bilen duşuşygy geçirildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, HZG-nyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de zähmet we durmuş goraglylygy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Duşuşykda iki tarap hem işjeň dialogy dowam etdirmäge hem-de bilelikdäki başlangyçlary ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Ženewada Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasy öz işine başlady
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
Türkmenistanyň DIM-de Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi
Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti HZG bilen okuw saparyny amala aşyrdy
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň täze sany