Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Gwangju şäherinde geçirilen Ýüpek ýolunyň ugrundaky çarwa halklar atly serginiň açylyşyna gatnaşdy

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Aziýa medeniýetiniň milli merkeziniň 10 ýyllygy mynasybetli Gwangju şäherinde geçirilen “Ýüpek ýolunyň ugrundaky çarwa halklar” atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Agzalan çärä Koreýa Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň, Gwangju şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda çykyş etmek bilen, Ilçi B.Durdyýew gatnaşyjylara Türkmenistanyň taryhy, Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda goýan yzy we onuň ösüşine eden täsiri, şeýle hem türkmen halkynyň gadymdan gaýdýan medeni gymmatlyklary barada gürrüň berdi.

Ilçi, hususan-da, ýurdumyzyň taryhda dünýä jemgyýetçiligi üçin galdyran miraslary we ösüşine goşan goşantlary barada Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýazan “Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda giňden beýan edilendigi barada bellemek bilen, ol çärä gatnaşyjylary bu kitaplar bilen tanyş etdi.

Mundan başga-da, häzirki wagtda ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty barada durlup geçilip, 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi we şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýunyň bellenilýändigi hakynda bellenildi we bu dabaraly wakalara bagyşlanyp ýurdumyzda geçiriljek ýokary derejedäki çärelere ýygnananlaryň aýratyn ünsi çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, Ilçi B.Durdyýew Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek wekilçilikli Halkara forumyna koreý tarapyny ýokary derejede işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan günbatar döwletleriniň ulaglaryny çäklendirip, hytaý awtoulaglaryny öňe sürýär
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 12-nji Hytaý-Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşdy
Aşgabatda nemes dili boýunça Gýote institutynyň synaglary geçiriler
Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellendi
Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşygy