Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşygy

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Ylalaşyk we raýat deňhukuklylygy meseleleri boýunça Döwlet ministri T.Ahwlediani bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryň ählisinde, şol sanda ykdysadyýet, ulag, medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigini bellediler.

Ilçi Döwlet ministrini Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýokary derejeli Halkara forumyň geçiriljekdigi barada habar berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň halklarynyň bähbidine dialogy çuňlaşdyrmaga we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşdy
Tbiliside türkmen kinosynyň günleri geçirilýär
Türkmenistanyň Ilçisi Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet meseleleri boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmen diplomaty Sinandali klassiki aýdym-saz festiwalyna gatnaşýan türkmenistanly sazandalar bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Gruziýadaky täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
TSG we DSM çaganyň ejesi barada maglumatlaryň onuň sözünden ýazylandygy hakynda ykrarnamanyň görnüşini tassyklady