Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň ylalaşyk we raýat deňhukuklylygy meseleleri boýunça Döwlet ministri T.Ahwlediani bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar esasy ugurlaryň ählisinde, şol sanda ykdysadyýet, ulag, medeniýet we bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellediler. Söhbetdeşler raýat hukugyny berkitmek hem-de jemgyýetde deňhukuklylygy ilerletmek babatda hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar.

Ilçi Döwlet ministrini Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýokary derejeli Halkara forumyň geçiriljekdigi barada habar berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň halklarynyň bähbidine dialogy çuňlaşdyrmaga we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşygy
Tbiliside türkmen kinosynyň günleri geçirilýär
Türkmenistanyň Ilçisi Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet meseleleri boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmen diplomaty Sinandali klassiki aýdym-saz festiwalyna gatnaşýan türkmenistanly sazandalar bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Gruziýadaky täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
TSG we DSM çaganyň ejesi barada maglumatlaryň onuň sözünden ýazylandygy hakynda ykrarnamanyň görnüşini tassyklady