Türkmenistanyň Gruziýadaky täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Gruziýadaky täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Gruziýadaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwilä ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

31-nji awgustda bolan duşuşykda Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin alyp barýan işlerinde gruzin tarapynyň ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda bellenilýär.

Ilçi, öz gezeginde, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki gün tertibi we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ýokary derejede saparlary guramak, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşygy
Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşdy
Tbiliside türkmen kinosynyň günleri geçirilýär
Türkmenistanyň Ilçisi Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet meseleleri boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmen diplomaty Sinandali klassiki aýdym-saz festiwalyna gatnaşýan türkmenistanly sazandalar bilen duşuşdy
TSG we DSM çaganyň ejesi barada maglumatlaryň onuň sözünden ýazylandygy hakynda ykrarnamanyň görnüşini tassyklady