Türkmenistanyň kubogy ― 2023: deslapky tapgyryň jogap duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

Türkmenistanyň kubogy ― 2023: deslapky tapgyryň jogap duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

― Türkmenistanyň kubogy ― 2023-de häzire çenli iki duşuşyk geçirildi. Şolarda derwezelere jemi 8 pökgi girizildi.

― Deslapky tapgyryň Arkadag we Energetik futbol toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyklarynda jemi 6 futbolçy tapawutlandy. Olaryň ählisi hem Arkadag futbol toparynyň oýunçylarydyr.

― Arkadag futbol toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew iki duşuşykda geçiren 3 pökgüsi bilen Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň şu möwsüminiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda birinji orny eýeleýär.

― Biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, Didar Durdyýew Kubok ýaryşynda 2015-nji ýyldan bäri hem iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda birinji orna geçdi.Ol şol ýyldan bäri Hazyna, Ahal we Arkadag futbol toparlarynyň düzüminde Kubok ýaryşynda geçiren pökgüleriniň sanyny 14-e çykardy.

Sanawyň ikinji ornunda soňky 9 möwsümde Energetik, Köpetdag we Şagadam toparlarynyň düzüminde 12 gezek tapawutlanan Kerim Hojaberdiýew bar.Ilkinji üçlügi agzalan möwsümden bäri Nebitçiniň we Altyn asyryň düzüminde 9 gezek tapawutlanan hüjümçi Myrat Ýagşyýew jemleýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň kubogynda 2015-nji ýyldan bäri jemi 115 futbolçy tapawutlandy.

― Ýaryş bilen deslapky tapgyrda hoşlaşan Marynyň Energetik futbol topary Türkmenistanyň kubogyndaky duşuşyklarynyň sanyny 27-ä çykardy. Topar şol duşuşyklaryň 7-sinde garşydaşlaryndan üstün çykyp bildi. Duşuşyklarda Energetigiň 27 pökgüsine garşydaş toparlar 48 pökgi bilen jogap berdiler.

― Ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanan Arkadag futbol topary iki duşuşykda iki ýeňiş gazanyp, jemi 8 pökgi geçirdi. Topar Türkmenistanyň kubogynda heniz öz derwezesine pökgi geçirdenok.

― Türkmenistanyň kubogynyň şu möwsüminde derwezelere 8 pökgi geçirildi. Olaryň ählisi hem Arkadag futbol toparynyň wekillerine degişlidir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Kädi we beýleki ekinler: daşoguzly telekeçiler oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmäge işjeň gatnaşýarlar
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Awazada’ mejbury arassaçylyk işleri geçirilýär
Guwanç Abylow ― Nebitçiniň futbolçysy