Hüjümçi Didar Durdyýew Ahala goşuldy

Hüjümçi Didar Durdyýew Ahala goşuldy

Hüjümçi Didar Durdyýew Ahal bilen şertnama baglaşdy. Bu barada Türkemnistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

27 ýaşly hüjümçiniň soňky çykyş eden topary Özbegistanyň Maşaly bolupdy. Ol geçen ýyl Super ligada 5 duşuşyga gatnaşdy.

Şu ýylyň gyşynda Kokand 1912 we Buhara toparlarynda hem gözden geçirilen futbolçy karýerasyny ýene-de Türkmenistanda dowam etdirer.

Aşgabadyň Olimp sport mekdebiniň uçurymy bolan Didar Durdyýew ýurdumyzda Aşgabat, Altyn asyr, Hazyna we Ahal futbol toparlarynyň köýnekçesini geýdi. Onuň 2019-njy ýylda Ahal bilen ýurdumyzyň wise-çempiony we 14 gezek tapwutlanyp, şol möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolandygyny hem ýatladýarys.

Didar Durdyýew Türkmenistanyň futbol ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2012-nji ýylda Rumyniýa bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Ahal we Merw toparlary duşuşyklaryň soňky minutlarynda ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň futbol çempionatynda Arkadag topary Köpetdag toparyny uly hasap bilen ýeňdi
2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynyň ikinji aýlawy badalga aldy
Arkadag topary öňe saýlandy we Köpetdag bilen Aşgabat toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli toparlary ýeňdiler
Arkadag we Aşgabat toparlary garşydaşlaryny uly hasap bilen ýeňdiler, Nebitçi bolsa Köpetdag toparyndan kynlyk bilen üstün çykdy
Ahal futbol topary myhmançylykda Merw toparyny, Aşgabat topary bolsa öz meýdançasynda Nebitçi toparyny utdy
Altyn asyr bilen Ahal toparlary deňme-deň oýnadylar