Türkmenistanyň Maglumat elýeterliligi merkezi Koreýanyň MMG-si tarapyndan iň gowy merkez diýlip ykrar edildi

Türkmenistanyň Maglumat elýeterliligi merkezi Koreýanyň MMG-si tarapyndan iň gowy merkez diýlip ykrar edildi

Koreýa Respublikasynyň Milli maglumat jemgyýeti guramasy (MMG) Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa we maglumat merkezinde işleýän Maglumat elýeterliligi merkezini (MEM) geçen ýylda geçiren işleriniň netijeleri boýunça, dünýäniň 56 ýurdunda hereket edýän şunuň ýaly merkezleriň arasynda 2024-nji ýylyň iň gowy merkezi diýip ykrar etdi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu merkez Koreýa Respublikasynyň Ylym, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ministrliginiň MMG-si bilen hyzmatdaşlykda döredildi.

MMG-niň Aşgabat Maglumat elýeterliligi merkezine iberen haty bu ajaýyp üstünlik bilen gutlagy we 2024-nji ýyldaky maglumat elýeterliligi merkeziniň (MEM) dolandyryjy okuw meýilnamasyna gatnaşmaga çakylygy özünde jemleýär.

27-nji maý 8-nji iýun aralygynda Koreýa Respublikasynyň Milli Maglumat jemgyýetiniň guramasynyň Seulda geçiriljek okuwyna dokuz ýurduň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Maglumat elýeterliligi merkeziniň işgärleri gatnaşarlar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Günorta Koreýa, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky uçar dartgynlygy sebäpli ABŞ-na nägilelik bildirdi
Seulda 2026-njy ýylyň şygaryna we Türkmenistananyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-leriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy