Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi

Şu gün Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

Maslahatyň dowamynda deputatlar “Türkmenistanyň “Arkadag medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.Kanunyň taslamasynda “Arkadag medalynyň Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup durýandygy, onuň durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, şeýle hem hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini, maslahatlary we usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýändigi görkezildi.

Gün tertibine laýyklykda, deputatlar “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”, "Halkara korrupsiýa garşy Akademiýasyny Halkara guramasy hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda" hem-de "Ýewropa Kawkaz Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda" Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyş edenler bu kanunlaryň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda bu ugurlardaky kanunçylyk binýady mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin hukuk esasyny üpjün etmekde wajyp ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Şeýle hem, deputatlar “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, "Kazyýet hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda", "Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda", "Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda" hem-de "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmeginiň ýurduň raýatlarynyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek, şeýle hem sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hukuk esaslary üçin uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow täze Kanunlara gol çekdi
Türkmen talyplary Tokio şäherinde geçirilen gysga möhletli okuwlara gatnaşdylar
Sürüji özüni ýolagçy diýip polisiýany ynandyrmakçy boldy
Içeri işler edaralarynda işini taşlamaga, daşary ýurtlara çykmaga ymtylýan işgärler köpelýär
Erdogan: "Halkara Kazyýetde netijäniň gowy boljakdygyna ynanýaryn" diýdi
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi