Sürüji özüni ýolagçy diýip polisiýany ynandyrmakçy boldy

Sürüji özüni ýolagçy diýip polisiýany ynandyrmakçy boldy

Gazagystanyň Kostanaý oblastynda polisiýa serhoş sürüjini saklady, ol ýol gözegçiliginiň işgärlerini özüni sürüji däl-de, ýolagçy diýip, aldamakçy boldy diýip, GazTAG habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Mercedes ulagly 34 ýaşly sürüji Tobyl şäherinde polisiýa saklanda, ruluň başyndady, ol serhoş ekeni, dessine gapdaldaky ýolagçy üçin orna geçdi we özüni ýolagçy diýip, ynandyrmakçy boldy. Emma ulagda ondan başda hiç kim ýokdy.

Polisiýa işgärleri ony serhoş wagty ulag dolandyrandygy üçin jenaýat jogapkärçiligine çekdiler. Kazyýet oňa 20 günlük tussaglyk belledi. Degişgen sürüjiniň Mercedes-Benz awtoulagyny elinden alyp, ýörite duralgada goýdular.

Ýene degişli makalalar

Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Ford awtoulag faralarynyň täze neslini görkezdi
Wodorod ylalaşygyna gol çekildi
Audi Formula 1-e dolanýar
“Mercedes” kuwwatly elektrik ýük ulagyny tanyşdyrdy
Porsche Ýewropada iň iri IPO-ny geçirdi