Türkmenistanyň Mejlisinde fransuz parlamentarileri kabul edildi

Türkmenistanyň Mejlisinde fransuz parlamentarileri kabul edildi

11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň Fransiýa-Merkezi Aziýa Parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Erwe Moreýiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda myhmanlar Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Parlamentiň düzümi hem-de dürli ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, wekiliýetleriň birek-birege saparlarynyň guralmagy babatda pikir alyşmakdan ybarat boldy.

Taraplar türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Birnäçe daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Çelsi ikinji gezek UEFA-nyň Super kubogynyň eýesi boldy
Çelsi UEFA-nyň Super kubogyna mynasyp boldy
UEFA-da ýylyň futbolçylary baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Repçi Lil Nas X-iň Montero klibi Ýylyň iň gowy aýdym-saz wideosy boldy
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi