Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowanyň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda myhman Türkmenistana bu gezekki saparynyň ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak bilen baglydygyny bellemek bilen, bu maslahatlaşmalaryň öňde durýan möhüm meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga itergi berjekdigini aýtdy. Şeýle hem häzirki wagtda gender deňligini üpjün etmegiň, zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrmagyň ÝHHG-niň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridigine ünsi çekmek bilen, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly tejribäni paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Angolanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi