Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

5-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Farah Karimi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de bu gurama bilen özara gatnaşyklaryň geriminiň täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi.

Duşuşykda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýüze çykýan dürli halkara ýagdaýlary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde diplomatiýanyň gurallaryny ulanmak we dialogyň medeniýetiniň ähmiýeti baradaky başlangyçlaryň dünýäde goldanylýandygy bellenildi. Hususan-da, ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyl --- Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň alyp barýan işleriniň netijesinde syýasy ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ekologiýa howpsuzlygyny berkitmäge, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga syýasy meýdançanyň döreýändigi barada bellenildi.

ÝHHG PA bilen hyzmatdaşlygyň çäginde geçirilýän maslahatlaryň we çäreleriň Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlige esaslanýan döwlet syýasatynyň dünýäde wagyz edilmeginde orny nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda mundan beýläk hem sebitleýin we halkara derejede hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda Panama Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi