9-njy dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň Fransiýa — Merkezi Aziýa parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşygy boldy.
Söhbetdeşler iki ýurduň hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin parlamentara gatnaşyklarynyň, şol sanda Fransiýa — Merkezi Aziýa parlamentara dostluk toparynyň uly mümkinçiligini peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliginiň ulanylmagyna üns çekildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň Fransiýa — Merkezi Aziýa parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý döwletara gatnaşyklara iki ýurduň özara düşünişmeginiň hem-de ýakynlaşmagynyň möhüm guraly hökmünde garap, mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.