TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ WE MEJLISINIŇ BILELIKDÄKI KARARY

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ WE MEJLISINIŇ BILELIKDÄKI KARARY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna — Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen, karar edýär:

1.Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň täze taryhy döwründe türkmen halkynyň milli demokratik ýörelgelerine eýerip hem-de döwleti dolandyrmakda asyrlarboýy toplan tejribesine daýanyp, ata-babalarymyzyň jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, şeýle hem ilatymyzyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli möhüm çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek boýunça möhüm başlangyç bilen çykyş etmeli.

Şunuň bilen baglylykda:

1) Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky teklip bilen Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenmeli;

2) «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Kararyny kabul etmeli.

2. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek boýunça gelip gowşan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak barada iş toparyny döretmeli.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy

Gülşat Mämmedowa.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň raýatlary Zenan kalby ordeni bilen sylaglandy
Türkmen zenanlarynyň birnäçesi Türkmenistanyň Zenan kalby ordeni bilen sylaglandy
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERAL GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ DAŞARY IŞLER, ARKALAŞYK WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA DÖWLET SEKRETARYNY KABUL ETDI
Dünýäniň iň uly suw çüwdürimi