Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň ussat diplomaty diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletimiz Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, parahatçylykly hem-de ynanyşmak medeniýetine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar.Dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak barada uly işler amala aşyrylýar.Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny berkitmekde, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürmekde hem-de pugtalandyrmakda, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli daşary syýasatyny amala aşyrmakda, Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini goramakda, döwletimiziň dünýädäki halkara abraýyny has-da belende götermekde goşan uly şahsy goşandyny, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça döwlet işinde bitiren uly hyzmatlaryny nazara almak bilen, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär: Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň ussat diplomaty diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.MÄMMEDOWA. Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 17-nji fewraly.

Ýene degişli makalalar

“Roskosmosyň” kosmonawty Oleg Kononenko hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlady
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag iberdi
"Galkan" hokkeý toparyny sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler
Görelde gören sahna ussady
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Tatarystanyň ilkinji Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi