Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna kesgitlenen sport görnüşleri boýunça Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlarynyň düzümini tassyklady

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna kesgitlenen sport görnüşleri boýunça Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlarynyň düzümini tassyklady

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgusty aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek 32-nji Tomusky Olimpiýa oýunlaryna kesgitlenen sport görnüşleri boýunça Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlarynyň düzümini tassyklady.

Milli ýygyndy toparyň türgenleri:

Gülbadam Babamyratowa— dzýudo (-52 kg)

Hojamuhammet Toýçyýew — agyr atletika (+109 кг)

Öwez Öwezow — agyr atletika (109kg)

Rejepbaý Rejepow — agyr atletika (81kg)

Polina Gurýewa — agyr atletika (59 kg)

Kristina Şermetowa — agyr atletika (55 kg)

Mergen Mämmedow — ýeňil atletika (ýekedaban zyňmak)

Darýa Semýonowa — suwda ýüzmek (100 metr brass ýüzmek usuly)

Merdan Ataýew — suwda ýüzmek (100 we 200 metr arkanlaýyn ýüzmek usuly)

Şeýle hem biziň türgenlerimize Türkmenistanyň sport hünärmenleri we tälimçiler topary Tokioda ýardam bererler.Olaryň arasynda dzýudo boýunça tälimçi Çemengül Geldibaýewa, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ikram Matkarimow we Artur Emirýan (milli ýygyndynyň baş tälimçisi), şeýle hem agyr atletika boýunça tälimçi, halkara derejeli sport ussady, dört gezek Olimpiýa oýunlaryň gatnaşyjysy Umurbek Bazarbaýew, ýeňil atletika boýunça tälimçi, halkara derejeli sport ussady Hajymurat Rahmanow hem-de erkekler we aýallaryň suwda ýüzmek boýunça milli ýygyndy toparynyň uly tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Epifanow bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýygyndysynyň agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Daşkentde geçen Dünýä çempiýonatynda Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndysy şowsuz çykyş etdi
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşarlar
Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň çykyşlarynyň tertibi
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Dünýä çempionatynda türkmenistanly agyr atletikaçylar haçan çykyş eder?