Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy giň gerimli çärelere baý boldy

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy giň gerimli çärelere baý boldy

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň jemleýji gününiň maksatnamasy giň gerimli çärelere baý boldy. Giň möçberli medeni forumyň türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramyna bagyşlanan çäreler bilen utgaşmagy Medeniýet günleriniň ähmiýetini we derejesini has-da belende göterdi.

Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanyň gadymy şäherleriniň biri bolan Buhara şäherinde ýerleşýän Gögeldaş medresesine baryp gördi. Bu medresede beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragy bilim alypdyr. Magtymgulynyň ilkinji neşir edilen eserleriniň biriniň hut Buharada 1910-njy ýylda Hezreti Magtymgulynyň diwanlary ady bilen neşir edilendigini hem bellemek gerek.

Wekiliýetiň agzalaryna medresäniň taryhy, binagärligi we onda bilim alan şahsyýetler barada gyzykly gürrüňler berildi. Şeýle hem türkmen medeniýet we sungat işgärleri Magtymguly Pyragynyň bu ýerde bilim alan döwründe ýaşan otagyna baryp gördüler.

Bu ýerde medresäniň hereket eden döwürlerine degişli hojalyk esbaplarynyň muzeýi döredilipdir. Şeýle hem medresede bilim alan meşhur alymlaryň we şahyrlaryň ömri hem-de döredijiligi barada söz açýan diwarlyklar, arhiw fotosuratlary, taryhy şäkilleri ýerleşdirilipdir.

Günüň ikinji ýarymynda Buhara şäherinde Türkmen halysynyň muzeýiniň hem-de haly dokalýan sehiň açylyş dabarasy boldy.

Halkymyzyň gadymdan gelýän milli senedi bolan halyçylyk sungatynyň barha ösýändiginiň, nepis türkmen halylarynyň bütin dünýäde şöhratynyň belende galýandygynyň subutnamasy bolan bu dabara köp sanly myhmanlary bir ýere jemledi.

Açylyş dabarasynyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly aýdym-sazlaryna giň gerim berilmegi, dabara gatnaşyjylaryň hoşallyk çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy şatlyk-şowhuna, ýokary ruhubelentlige beslenip geçen dabarany ýatdan çykmajak pursatlara öwürdi.

Muzeýde haly we haly önümleriniň, haly dokamaklyk üçin zerur bolan gurallaryň dürli görnüşleri ýerleşdirilip, olar açylyş dabarasyna gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Şol gün Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.

Bu döredijilik forumy iki ýurduň köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň ähmiýetiniň uludygyny nobatdaky gezek tassyklap, olaryň köpugurly gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şunuň bilen birlikde, türkmen-özbek gatnaşyklary iki halkyň umumy kökleriniň umumylygyna, ruhy-medeni gymmatlyklaryň bitewüligine esaslanýar. Asyrlaryň jümmüşinden gelýän taryhy-medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna we doganlyk gatnaşyklaryna daýanmak biziň halklarymyzy birleşdirýän esasy ýörelgedir.

Türkmen halkynyň häzirki zaman aýdym-saz we tans sungaty, onuň baý däp-dessurlary bilen tanyşdyrmagy özünde jemleýän bu medeni çäre iki ýurduň halklary üçin şowhunly pursatlara baý boldy.

Bu medeni çäre birek-biregiň medeni mirasyny öwrenmäge gyzyklanmany, şeýle hem döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmegiň wajypdygyny tassyklaýar.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasyna iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar. Bu ýerde bilelikdäki konsertiň guralmagy we onda ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlar hemmelerde ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

Meşhur halk sazandalary we bagşylary, opera we estrada aýdymçylary, Miras folklor tans topary döredijilik baýramçylygynyň myhmanlaryna öz sungatyny görkezdiler.

Gadymy türkmen Küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi konserte özboluşly ösüşgin çaýdy.

Dabara gatnaşanlar Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň, guralan serginiň we aýdym-sazly çykyşlaryň özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde aýratyn orun eýleýändigini nygtadylar.

Türkmenistanyň Medeniýet günleri özbek doganlarymyzda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy hem-de halkymyzyň baý taryhy we medeni mirasyny açmaga mümkinçilik berdi. Ol diňe ýatdan çykmajak döredijilik çäresi bolman, eýsem, iki ýurduň halklarynyň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegini, dostlugyny çuňlaşdyrmaga tarap ýene bir ädim boldy.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dabaraly konsert bilen tamamlandy
Hoja Ahmed Ýasawynyň ömrü we döredijiligi we onuň Diwany Hikmet atly eseri
Magtymguly Pragy
Gid-ýolbeletler üçin hünär synagyndan geçmegiň tertibi tassyklandy, Wan kölüniň düýbünde gadymy türkmen şäherçesiniň harabalyklary tapyldy, Merw AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy we beýleki habarlar
Çeşme: Howpsuzlyk Aşgabatdan Moskwa uçar gatnawynyň ýatyrmagynyň ýeke-täk sebäbi däl
Aşgabadyň çagalar futbol topary Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşa gatnaşdy